Ermenistanda Hökümete Garşy Protest Ýörişi Geçirler
Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň ylalaşyga gol çekmegine garşylyk görkezildi

Ermenisranda oppozisiadaky partiýalar, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk Garabagda hüjümleriň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga gol goýandygy sebäpli hökümete garşy protest ýörişini geçirer.
Ýurtda oppozisiadaky 17 syýasy partiýa tarapyndan çap edilen bilelikdäki jarnamada, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň ylalaşyga gol çekmegine garşylyk görkezildi.
Jarnamada, “Taryhymyzyň iň utandyryjy sahypasy gynansakda düýn ýazyldy. Döwletini we topragyny gany bilen frontda goraýan esgerlerimiziň arkasyndan milli bolmadyk ylalaşyga gol goýuldy” diýildi.
Oppozisionerler, ertir ýerli wagty bilen 13.00-da Ýerewanda Azatlyk meýdanynda geçiriljek ýörişe tarapdarlaryny çagyrdy.
Paşinýan, Daglyk Garabagda hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyk hakynda beren beýannamasynda, “Hem özüm üçin hem-de hemmämiz üçin gaty kyn karar aldym. Russiýanyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen hüjümleriň bes edilmegi üçin bilelikdäki jarnama gol goýduk. Başga çykalgam ýokdy. Bu, meniň üçin we ermeni halky üçin diýseň gynandyryjy” diýipdi.
Degişli Habarlar

Eýranda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 83 adam artdy
Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 318 müň 295 adama ýetdi