Fransiýanyň Daşary işler ministri: "Yslama hormat goýarys" diýdi

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan Iw Le Drian ýurdunyň Yslama hormat goýandygy beýan etdi

1524172
Fransiýanyň Daşary işler ministri: "Yslama hormat goýarys" diýdi

Yslam we Arap dünýäsinde Fransiýa garşy başladylan boýkot kampaniýasyndan soň Müsüre giden Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan Iw Le Drian, kärdeşi Samih Şukri bilen ýurdyň paýtagty Kair şäherinde duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Le Drian: "Pariž Yslam dinine hormat goýar we musulmanlary Fransiýanyň bir bölegi hökmünde garaýar. Biziň alyp barýan göreşimiz radikallyga we terrora garşydyr" diýip belledi. 

Duşuşykda Liwiýa krizisini hem ele alandyklaryny aýdan Le Drian, Fransiýanyň we Müsüriň hakyna tutma esgerleriň Liwiýada çekilmegini we BMG tarapyndan girizilen ýarag embargonyň dowam edilmegini isleýändiklerini mälim etdi. 

Şukri bolsa, Palestina döwletiniň gurulmagynyň, adalatly we köptaraplaýyn parahatçylygyň ýola goýulmalydygyny we iki döwletli çözgüdiň durmuşa geçirilmelidigini belledi. 



Degişli Habarlar