Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 262 müň 100 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 35 million 796 müň adamdan geçdi

1524230
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 262 müň 100 adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidmeiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 262 müň 100 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 50 million 739 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 35 million 796 müň adamdan geçdi. 

Wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň artmaga başlan Moldowa, Belarussiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlarda adam ýitgileri hem köpelmäge başlady. Şol ýurtlardaky adam ýitgileri we hasaba alynanlaryň sany şular ýaly: 1893/82 müň 346, 1007/106 müň 279, 1177/62 müň 819, 583/68 müň 665, 83/11 müň 336 adam. 

Marokkoda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 75 adam artyp, 4 müň 272 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 596 adamlyk artyş bilen 256 müň 781 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 19 müň 809 adamyň ýogalan Günorta Afrika Respublikasynda wirus ýokanlaryň sany 737 müň 278 adama ýetdi. 

Kambojada Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Sižýartonyň ýurda guran saparynda koronawirus testiniň položitel çykmagyndan soň, paýtagt Pnom Pen we onuň töweregindäki welaýatda mekdepleriň 2 hepdeligine ýapyljakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar