Donald Tramp 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hödürlendi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hödürlendi

1522609
Donald Tramp 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hödürlendi

Şwesiýada bosgunlara garşy bolmak bilen tanalýan sagjy Şwesiýanyň Demokratlar partiýasynyň Halkara sekretary Mattias Karlsson, Ekspressen gazedine beren baýanatynda, Trampy 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürländiklerini habar berdi. 

Parahatçylykly bir dünýä üçin Trampyň köp tagalla edendigini aýdan Karlsson: "Ýakyn Gündogar, Balkanlar we Koreýa ýarymadasynda Trampyň adatdan daşary parahatçylykly tagallalaryny inkär edip bolmaz. Şwesiýanyň Demokratik partiýasy hökmünde 11 Ýewropa ýurdundan 14 deputatyň goldaw bermeginde Trampy 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hödürledik" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp, 2020-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hökmünde Norwegiýanyň parlamentiniň agzasy Kristian Tybring Gjedde tarapyndan hödürlenipdi. 



Degişli Habarlar