"Terror Guramasy PKK-nyň Peşmerge Güýçlerine Guran Hüjümi, Ýurduň Özygtyýarlygyna Guralan Hüjümdir”

Ekstremist terror guramasy PKK, Duhokda Peşmerge güýçlerine hüjüm edipdi.

1522896
"Terror Guramasy PKK-nyň Peşmerge Güýçlerine Guran Hüjümi, Ýurduň Özygtyýarlygyna Guralan Hüjümdir”

Yragyň Mejlisi, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Peşmerge güýçlerini nyşana almagyny, ýurduň özygtyýarlygyna garşy guralan hüjüm hökmünde häsiýetlendirdi.

Yragyň Mejlisinden berlen beýannamada, ekstremist terror guramasy PKK-nyň, Duhokda Peşmerge güýçlerine guran hüjüminiň, ýurduň özygtyýarlygyna garşy guralan hüjüm manysyny aňladýandygy nygtaldy.

Beýannamada “Yragyň hökümeti şol sebitlerde howpsyzlygy üpjün etmeli. Hökümet PKK ýaly guramalaryň durnuklygy bozmagynyň öňüni almaly, şuňa meňzeş hüjümleriň yza serpikdirilmegi üçin uly jogapkärçilik almaly” diýildi.

Ekstremist terror guramasy PKK, öňňin Duhok şäheriniň Çemanke etrapçasynda Peşmerge güýçlerine hüjüm edipdi. Hüjümde 1 peşmerge ýogalypdy, 3-i hem ýaralanypdy.

Ekstremist terror guramasy düýn agşam hem tebigy serişlerden jogapkar Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň howpsyzlyk güýçlerine hüjüm edipdi.

 



Degişli Habarlar