Awstriýada Terrorçylykly Hüjüm Sebäli 3 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Wenada 4 adamyň ýogalmagyna, 14 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümden soň, ýurtda 3 günlük milli ýasyň yglan edildi

1521029
Awstriýada Terrorçylykly Hüjüm Sebäli 3 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

 

Awstriýanyň hökümeti, paýtagt Wenada düýn gije 4 adamyň ýogalmagyna, 14 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň, ýurtda 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini habar berdi.

Içeri işler ministri Karm Nehammer, Premýer ministr Sebastian Kurzyň ýolbaşçylygynda geçirlen maslahatdan soň, ýurtda 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini aýtdy.

Nehammer, döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalaryň penşenbe gününe çenli ýapyk boljakdygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar