Parižliler Şäherden Gaçýar

Käbir ýerlerde uzyn ulag nobatlary emele geldi

1518827
Parižliler Şäherden Gaçýar

Fransiýada koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň artýandygy üçin şu gün başlan köçä çykma gadagançylygy sebäpli paýtagt Parižden gitmek isleýänler ýol gatnawynyň aşa köpelmegine sebäp boldy.

Müňlerçe parižli düýn agşamdan başlap ýola düşdiler, ulaglar uzyn nobatlar emele getirdi.

Ile-de-Frans sebitinde 700 kilometrlik ulag nobaty emele geldi.

Fransuz mediasy köp sanly parižliniň çäklendiriş möhletini oba ýerlerinde geçirmek üçin “kiçijik” apartamentleri terk edendigini ýazýar.



Degişli Habarlar