Epidemiýa Sebäpli 1500 Şepagat Uýasy Ýogaldy
Halkara Şepagat uýalary geňeşi koronawirus epidemiýasy sebäpli 1500 şepagat uýasynyň ýogalandygyny beýan etdi

130 ýurtdan 20 milliona barabar şepagat uýasynyň agza bolan merkezi Ženewada ýerleşýän Halkara Şepagat uýalary geňeşinden berilen beýannamada 195 ýurtdan 44 sanysynda 1500 şepagat uýasynyň koronawirus sebäpli ýogalandygy, dünýä boýunça wirus sebäpli 20 müňden gowrak saglygy goraýyş işgäriniň aradan çykandygynyň çaklanylýandygy nygtalýar.
Halkara Şepagat uýalary geňeşiniň ýolbaşçylaryndan Howard Jatton wideokonferensiýa arkaly gatnaşan çäresinde maglumatlary bölüşmeýän ýurtlara berk reaksiýa bildirdi. Katton: “Bu epidemiýada 1-nji Jahan urşunda bolşy ýaly köp sanly şepagat uýasynyň ýogalmagy gynandyryjy waka. Maý aýyndan bäri “saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň wirusa ýogaşmagy we aradan çykmagy hakynda standart we ulgamlaýyn maglumat ýygnalmagy” üçin çagyryş edýäris. Onuň henizem ýola goýulyp bilinmezligi masgaraçylykdyr” diýdi.
Degişli Habarlar

Jon Baýden Kanadada Saparda Boldy
Baýden bilen Trýudo özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.