Owganystanda Taliban Tarapyndan Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

Taliban tarapyndan heniz mesele barada hiç hili beýannama berilmedi

1517508
Owganystanda Taliban Tarapyndan Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

Owganystanda Taliban tarapyndan guralan roketa hüjüminde asuda ilatdan 6 adam ýogaldy

Balh welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Adylşah Adil, Balhyň Şolgara etrabynyň Halkajer obasynda Taliban tarapyndan atylan roketanyň bir öýe düşendigini aýtdy.

Adil, hüjümde asuda ilatdan 6 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Taliban tarapyndan heniz mesele barada hiç hili beýannama berilmedi.

 

 

 


Etiketkalar: #asuda ilat , #roketa , #Taliban

Degişli Habarlar