Koronawirus ABŞ-da 9 Million 121 Müň 800 Adamyň Hasaba Alynmagyna Sebäp Boldy

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 179 müň adamdan geçdi

1517855
Koronawirus ABŞ-da 9 Million 121 Müň 800 Adamyň Hasaba Alynmagyna Sebäp Boldy

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 179 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 44 million 775 müň 900, sagalanlaryň sany 32 million 728 müň 565 adamdan geçdi.

Koronawirus ABŞ-da 233 müň 137 adamyň ýogalmagyna, 9 million 121 müň 800 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 205 adam artyp 37 müň 905, hasaba alynan kesellileriň sany 24 müň 991 adam artyp 589 müň 776 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 244 adam artyp 35 müň 785, wirusa ýoluganlaryň sany 36 müň 437 adam artyp 1 million 235 müň 132 adama ýetdi. Prezident Emmanuel Makron wirusa ýoluganlaryň sanynyň gün saýyn artýandygy sebäpli milli karantin yglan etdi. 30-njy oktýabrdan 1-nji dekabra çenli ýurduň çar tarapynda köçä çykmak çäklendirildi. Ýokary okuw jaýlaryndan daşary mekdepler açyk bolar, halk diňe işe, dükana we saglygy goraýyş merkezlerine gitmek üçin daşary çykar.

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 168 adam artyp 35 müň 466, hasaba alynan kesellileriň sany 19 müň 765 adam artyp 1 million 136 müň 503 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Portugaliýada 2 müň 395 adam ýogaldy, 128 müň 392 adam hem hasaba alyndy.

Koronawirus Kanadada 10 müň 51 adamyň ýogalmagyna, 225 müň 690 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.



Degişli Habarlar