Emmanuel Makrona garşy reaksiýalar barha ýaýbaňlanýar

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Ýewropanyň we Fransiýanyň musulmanlaryň içerki işlerine goşulmakdan ýüz öwürmelidigini belledi

1517485
Emmanuel Makrona garşy reaksiýalar barha ýaýbaňlanýar

Ýurdyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat beren Hasan Ruhani, Fransiýada Yslama garşy berilýän beýanatlara we Muhammet Pygamber bilen baglanşykly çap edilýän karikaturalara reaksiýa bildirdi. 

Ruhani: "Ýewropa we Fransiýa doganlyk, asudalyk we parahatçylyk duýgularynyň adamlaryň dünýäsinde höküm sürmegi üçin tagalla edýändiklerini aýdýarlar. Fransiýa we Ýewropa bu babatda dogry aýdýan bolsalar musulmanlaryň içerki işlerine goşulmakdan ýüz öwürmelidiriler" diýip belledi. 

Hasan Ruhani, Muhammet Pygambere garşy eden-etdiligiň sungat bolmandygyny we onuň aşa hereketleri höweslendirýändigini nygtady. 

Malaýziýa hem Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Yslama garşy pozisiýasyny we Muhammet Pygamberi nyşana alynyp çekilýän karikaturlara arka çykmagyny ýazgardy. 

Ýazmaça beýanat beren Malaýziýanyň Daşary işler ministri Hişamuddin Hüseýin, Emmanuel Makronyň syýasaty başda bolmak bilen dünýä derejesinde musulmanlara garşy duşmançylygyň barha artýandygyna ünsleri çekip: "Malaýziýa başgalaryň hukuklary kemsidilmedigi saýyn söz azatlygyny we adaty adam hukuklaryny goldamak babatynda tutanýerlidir" diýip belledi. 

Muhammet Pygambere we Yslama dil ýetirmegiň söz azatlygynyň daşyndadygyny aýdan ministr Hişamuddin: "Bular ýaly hereketler Yslama we dünýädäki milliardlarça musulmana garşy açyk ýagdaýdaky bir öjükdirmedir" diýip habar berdi. 

Indoneziýa hem Makronyň Yslama dil ýetirýän beýanatlaryny ýazgardy. 

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Teuku Faizasýah beren beýanatynda, Fransiýanyň Jakarta şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Oliwier Çambardy, ministrlige çagyryp Makronyň Yslama dil ýetirip beren beýanatlary bilen bagly düşündiriş isländiklerini mälim etdi. 

Faizasyah, duşuşykda Makronyň Yslama dil ýetirip beren beýanatlaryny ýazgarýandykaryny aýdandyklaryny beýan etdi. 

Nahdlatul alymlar jemagaty, Makronyň Yslama garşy pozisiýasynyň öňünde Musulmanlaryň asuda bolmalydygyny belläp, hökümetiň bu ýagdaýyň çözgüdi bilen baglaşykly işjeň diplomatik ädimler etmegini höweslendirýändiklerini habar berdi. 

Somalili Alymlar topary hem Makronyň beýanatlaryny we käbir fransuz resmileriniň beýanatlaryny tankyt edip, fransuz önümlerini boýkot etmäge çagyrdy. 



Degişli Habarlar