Türkiýe Günbatarly Rasistlere Garşy Görşde Yslam Dünýäsine Wekilçilik Edýär
Palestinanyň Yslamy jihad hereketiniň metbugat Sekretary Dawud Şihab Türkiýaniň musulmanlaryň janly wyždanydygyny beýan etdi
Şihab: “Türkiýe günbatarly rasistlere garşy göreşde Yslam dünýäsine wekilçilik edýär we Türkiýe musulmanlaryň janly wyždany” diýdi.
Şihab beren beýannamasynda Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň Fransiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Emmanuel Makron hakyndaky beýannamasyndan ÝB-niň biynjalyk bolmagyna gynandyklaryny nygtady.
Pikir we söz azatlygy bilen öwünýän ÝB-niň şol çemeleşmesiniň bileleşigiň iki standartlaryny görkezýändigini beýan eden Şihab; “Türkiýe günbatarly rasistlere garşy göreşde Yslam dünýäsine wekilçilik edýär we Türkiýe musulmanlaryň janly wyždany” diýdi.
ÝB-niň Daşary işler we howpsyzlyk syýasatlary boýunça Ýokary wekili Jozep Borrell Twitterden beren habarnamasynda, Erdoganyň Makron hakyndaky beýannamasynyň kabul edilmesizdigini mälim edipdi.
Fransiýada Muhammet Pygamberi kemsidiji karrikaturalaryň çap edilmegi we Prezident Makronyň olary çap etmekden el çekmejekdiklerini aýtmagy berk reaksiýalaryň görkezilmegine sebäp bolupdy.
Prezident Erodgan hem Makronyň sözlerine bolan garşylygyny: “Ýurdundaky millionlarça tapawutly dine uýýanlara şeýle çemeleşýän döwlet ýolbaşçysyna näme diýip bolar, ilkinji nobatda akyl-huşuny barlatmaly” sözleri bilen görkezipdi.
ÝB-niň Daşary işler we howpsyzlyk syýasatlary boýunça Ýokary wekili Jozep Borrell Twitterden beren habarnamasynda, Erdoganyň Makron hakyndaky beýannamasynyň kabul edilmesizdigini mälim edipdi.
Fransiýa Türkiýedäki İlçisi Herwe Magro geňeşmeler üçin ýurduna çagyrlypdy.
Palestinada, Kuweýtde, Pakistanda, Liwanda, Liwiýada, Katarda we beýleki birnäçe ýurtda Makrona hem-de Fransiýa reaksiýa görkezilmäge dowam edilýär.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.