Eýran, Fransiýanyň Geňeşçi Ilçisini Daşary Işler Ministrligine Çagyrdy

Fransuz ýolbaşçylarynyň Hezreti Muhammedi nyşana alýan karikaturalara goldaw bermekleri ýazgaryldy

1516659
Eýran, Fransiýanyň Geňeşçi Ilçisini Daşary Işler Ministrligine Çagyrdy

 

Eýran, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň başda durmagynda fransuz ýolbaşçylarynyň Hezreti Muhammedi nyşana alýan karikaturalara goldaw berýändikleri we yslama garşy çykyşlary sebäpli Fransiýanyň Tährandaky geňeşçi ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, fransuz ýolbaşçylarynyň Hezreti Muhammedi nyşana alýan karikaturalara goldaw bermekleriniň ýazgarylýandygy nygtaldy.

Beýannamada, resmi Tähranyň fransuz ýolbaşçylarynyň dünýädäki we Ýewropadaky millionlarça musulmanyň duýgularyny ýaralaýan tutumlarynyň ýazgarlandygy we munyň kabul edilip bilinmejekdiginiň Fransiýanyň Tährandaky geňeşçi ilçisi Florent Aýdalota bildirlendigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #ýazgarmak , #Fransiýa , #Eýran

Degişli Habarlar