Ermenistanyň Hüjümleri Žurnalistlere Howp Salýar

Azerbaýjanyň gözegçiligine geçen Sukawuşanda Ermenistanyň güýçlerinin atan raketasy sebitdäki žurnalistleriň ulagynyň üstünden geçdi

1516826
Ermenistanyň Hüjümleri Žurnalistlere Howp Salýar

Ermenistanyň asuda ilata guraýan hüjümlerinde žurnalistler hem howply pursatlary başdan geçirýär.

Başdan geçirilýän wakalary dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirýän žurnalistlerin işleýän sebitlerine top oklary we minemýod snarýadlary düşýär.

Soňky hüjüm ermeni basybalyjylaryndan halas edilen Sukawuşana guraldy.

Sebitden habar taýarlaýan “Ýewronýusyň” topary ermeni güýçleriniň atan raketasyndan zordan halas boldular.

Žurnalistleriň ulagy ýeňilje gyra süýşen hem bolsa, agdarylmady. Raketa şol wagt açyk bolan kamera tarapyndan ýazga alyndy.



Degişli Habarlar