Ermenistan PKK Terrorçylary Azerbaýjanyň Harby Uniformasyny Geýdiripdir

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä terrorçy toparlar Daglyk Garabagyň Şuşa şäherine ornaşdyryldy.

1515783
Ermenistan PKK Terrorçylary Azerbaýjanyň Harby Uniformasyny Geýdiripdir

Şol PKK terrorçylaryna Azerbaýjanyň harby uniformasynyň geýdirilendigine ünsi çekýän çeşmeler, ermenileriň şeýlelik bilen Azerbaýjan esgerlerini aldatmagy maksat edinendiklerini, aýratynam terrorçylar öldürilenden soň olaryň Azerbaýjan goşunlary tarapyndan Siriýadan getirilen hakynatutma esgerlerdigini öňe sürjekdikleri nygtalýar.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajyýew Ermenistanyň Daglyk Garabagda ekstremist terror guramasy PKK terrorçylaryndan öň hatarlarda peýdalanýandygyny beýan edipdi.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň öz territoriýasyny halas etmek üçin başladan operasiýasynda ýesir düşen ermeni esgeri Alberk Mikaelýan hem PKK terrorçylarynyň Daglyk Garabagda Ermenistanyň tarapynda söweşýändigini boýun alyp, şol terrorçylara 600 dollar aýlyk berilýändigini aýdypdy.



Degişli Habarlar