ABŞ-da Trampyň tarapdarlary bilen garşydaş toparlaryň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi

Başdan geçirilen dartgynlykda polisiýa işgärleri iki toparyň tarapdarlaryndan köp sanda adamy göz tussaglygyna aldylar

1516117
ABŞ-da Trampyň tarapdarlary bilen garşydaş toparlaryň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi

ABŞ-da 3-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawlaryna birnäçe gün galan mahaly ýurduň Nýu-Ýork şäherinde Donald Trampyň tarapdarlary bilen Trampa garşy bolan toparlaryň arasynda dartgynly pusartlar başdan geçirildi. 

Nýu-Ýorkyň iň hereketli ýerleriniň biri bolan 5-nji köçede ýerleşýän Tramp Tower binasynyň öňünde bir ýere jemlenen tarapdarlary, şäherde biraz gezelenç edenlerinden soň "Asly Afrikalylaryň janlary möhümdir" toparynyň agzalary bilen ýüz-ýüze geldiler. 

Trampyň tarapdarlarynyň ýüzünde Trampyň uly bir suraty bolan baýdagy açanlaryndan soň, iki toparyň arasynda ilki sözli ýagdaýda, soň bolsa fiziki ýagdaýda dartgynlyk başlady. 

Başdan geçirilen dartgynlykda polisiýa işgärleri iki toparyň tarapdarlaryndan köp sanda adamy göz tussaglygyna aldylar. 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #Nýu-Ýork

Degişli Habarlar