Ermeni Esger PKK-ly Terrorçylaryň Daglyk Garabagda Ermenistanyň Hatarynda Söweşýändigini Boýun Aldy

"Hakyna tutma esgerler aýda 600 dollar alyk alýar we diňe öz dillerinde gepleşýär"

1514912
Ermeni Esger PKK-ly Terrorçylaryň Daglyk Garabagda Ermenistanyň Hatarynda Söweşýändigini Boýun Aldy

 

Azerbaýjanyň goşunlarynyň territoriasyny halas etmek üçin başladan operasiýasynda ýesir alynan Ermenistanly esger Albert Mikaelýan, ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň Daglyk Garabagda Ermenistanyň hatarynda söweşýändigini boýun aldy.

Mikaelýan, düşündirişinde Ermenistanyň Şirak welaýatynda doglandygyny we harby borjuny ýerine ýetirmek üçin Daglyk Garabaga ugradylandygyny nygtady.

Mikaelýan “Harby merkezimizde PKK-ly terrorçylar bilen birlikde 1500 adam bar. Hakyna tutma esgerler aýda 600 dollar alyk alýar we diňe öz dillerinde gepleşýär. 10-15 adamlyk toparlara bölünen hakyna tutma esgerler ýerli şertleri öwrenýär we söweşe taýarlanýar” diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajiýew,PKK-ly terrorçylaryň Ermenistanyň hatarynda söweşýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar