Türkiýäniň We Russiýanyň Wekilleri, Liwiýa Bilen Siriýa Barada Pikir Alyşdy

Bogdanow bilen Önal paýtagt Moskwada duşuşdy

1514484
Türkiýäniň We Russiýanyň Wekilleri, Liwiýa Bilen Siriýa Barada Pikir Alyşdy

 

Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow, Liwiýa we Siriýa barada pikir alyşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Bogdanow bilen Önal paýtagt Moskwada duşuşdy.

Liwiýa meselesine garalan duşuşykda, liwiýalylaryň arasynda syýasy, harby we ykdysady ugurlarda geçirilýän gepleşiklerde öňe gidişligiň edilendigi nygtaldy.

Siriýa meselesine hem garalan duşuşykda, meseläniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararlaryna laýyklykda çözülmegi üçin Russiýa bilen Türkiýäniň “Astana etabynyň” çäginde utgaşykly tagallalarynyň ähmiýetine üns çekildi.


Etiketkalar: #Liwiýa , #wekil , #Siriýa , #Russiýa

Degişli Habarlar