Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 20 esger ýogaldy

Owganystanda harby birikmä Talibana agza terrorçylaryň guran hüjüminde 20 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy

1514713
Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 20 esger ýogaldy

Owganystanyň günbataryndaky Nimruz welaýatynyň Haşrud etrabynyň häkimi Jelil Watandost metbugata beren beýanatynda, Talibana agza terrorçylaryň Haşrud welaýatynyň Dehmezeng diýilen ýerinde ýerleşýän harby birikmä hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümde 20 esgeriň ýogalandygyny aýdan Watandost, 6 esgeriň bolsa başbozarlar tarapyndan zamun alynandygyny mälim etdi. 

Taliban hadysa bilen bagly entek beýanat bermedi. 

Beýleki tarapdan Owganystanyň Goranmak ministrligi, Talibana agza terrorçylaryň soňky 24 sagatda 24 aýry welaýatda hüjüm gurandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #esger , #hüjüm , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar