Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 31 million 240 müň 521 adamdan geçdi

1514891
Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 144 müň 442 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 42 million 117 müň 97 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 31 million 240 müň 521 adamdan geçdi. 

Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 117 müň 365 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 million 763 müň 67 adama ýetdi. 

Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 335 adam artyp, 31 müň 985 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 6 müň 134 adam artyp, 556 müň 891 adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 25 müň 525 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 480 müň adama ýetdi. 

Ukrainada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 121 adamlyk artyş bilen 6 müň 164 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 7 müň 517 adamlyk artyş bilen 330 müň 396 adama ýetdi. 

Ermenistanda Kovid-19 sebäpli 1 müň 145 adam ýogaldy. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany 73 müň 310 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 183 adamyň ýogalan Gruziýada, wirusa ýoluganlaryň sany 24 müň 603 adama ýetdi. 

Gazagystanda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adam artyp, 1 müň 811 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 179 adam artyp, 110 müň 86 adama ýetdi. 

Özbegistanda täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 541 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 64 müň 633 adama ýetdi. 

Yragyň Saglygy goraýyş ministrligi, epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 47 adamyň ýogalandygyny we 3 müň 899 adamyň wirusa ýolugandygyny habar berdi. Ýurtda şeýlelik bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 10 müň 465 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa jemi 442 müň 164 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýene-de 3 adamyň ýogalan Liwiýada, jemi adam ýitgisi 768-e, wirus ýokanlaryň sany bolsa 995 adamlyk artyş bilen 52 müň 620 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Gazada 29 adam ýogaldy, 5 müň 79 adam bolsa Kovid-19-a ýolukdy. Wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy bilen Gazanyň ençeme ýerinde köçä çykmak gadagan edildi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 216 adamlyk artyş bilen 40 müň 760 adama ýetdi. Materikde hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 10 müň 970 adam artyp, 1 million 696 müň 418 adama ýetdi. Afrika materiginde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli iň köp adam ýitgi çeken ýurtlar: Günorta Afrika Respublikasynda 18 müň 843 adam, Müsürde 6 müň 166 adam, Marokkoda 3 müň 132 adam. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Hindistan (117 müň 336), Eýran (31 müň 650), Russiýa (25 müň 242) we Indoneziýa (12 müň 959).


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar