Guterriş G-20-ä Agza Ýurtlary Kowid-19-a Garşy Göreşde Arkalaşyga Çagyrdy

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş G-20-ä girýän ýurtlary koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde arkalaşykly hereklet etmäge çagyrdy

1514545
Guterriş G-20-ä Agza Ýurtlary Kowid-19-a Garşy Göreşde Arkalaşyga Çagyrdy

Guterriş G-20-niň noýabr aýynda geçiriljek maslahatyndan ozal “Assoşeýted Press” habarlar gullugyna beren beýannamasynda gurama agza senagat taýdan ösen ýurtlaryň liderleriniň teklip edendigine garamazdan mart aýynda maslahat geçirmän, Kowid-19-a garşy göreş üçin utgaşykly hereket etmezliginiň “iňňän gynandyryjydygyny” beýan etdi.

Netijede ähli  ýurtlaryň käte gapma-garşy çemeleşmeler edýändigini aýdan Guterriş, wirusyň “gündogardan günbatara, demirgazykdan günorta” hereket edýändigini we ikinji ýokanç tolkunynyň häzirki wagtda birnäçe ýurda ýaramaz täsir ýetirýändigine ünsleri çekdi.

BMG-niň baş Sekretary Guterriş halkara jemgyýetçiliginiň indi “wirusa garşy göreşde has utgaşykly hereket etmelidigine düşünendigini” tama edýändigini aýtdy.

Guterriş aýratynam BMG-niň G-20-ä girýän ýurtlaryň maslahatynda Kowid-19-a garşy sanjym tapylandan soň, onuň “ähli ýerde, hemmeler üçin elýeterli we amatly nyrhda bolmagynyň” kepillendirilmegini talap etjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar