Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1million 123 müň adamdan geçdi

Düýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 30 million 359 müň 845 adama ýetdi

1512225
Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1million 123 müň adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 123 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 40 million 657 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 30 million 359 müň 845 adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 115 müň 236 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 million 597 müň 63  adamdan geçdi.  

Günorta Afrika Respublikasynda soňky 24 sagatda ýene-de 21 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 18 müň 492 adama ýetdi. Günorta Afrikada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 461 adamlyk artyş bilen 705 müň 254 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 687 adamyň ýogalan, 42 müň 727 adamyň hasaba alynan Tunisde, ýurdyň Kaýrewan welaýatynda epidemiýa garşy görülýän çäreleriň çäginde bölekleýin häsýetde karantin düzgüni giriziler. Şu günden başlap welaýata degişli 2 uly şäherde ýerli wagt bilen sagat agşam 20:00-dan başlap irden sagat 05:00-a çenli köçä çykmak gadagan ediler. Karantin düzgüni 15 gün dowam eder. 



Degişli Habarlar