ÝB Ermenistana we Azerbaýjana çagyryş berdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrell, Azerbaýjana we Ermenistana ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrdy

1511488
ÝB Ermenistana we Azerbaýjana çagyryş berdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrell, Daglyk Garabag bilen baglanşykly beren ýazmaça beýanatynda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda düýn gije başlandygy aýan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşykdan hoşaldygyny belledi. Emma, Daglyk Garabagda ylalaşygyň düzgünleriniň berjaý edilmezligine alada bildirýändigini aýdan Borrell, çaknyşyklar sebäpli asuda ilatyň zyýan çekýändigini belledi. Borrell beýanatynda: "Daglyk Garabagdaky ilat şonsuz hem ýeterlik derejede zyýan çekdi. Çaknyşyklar asuda ilat tarapyndan uly ýitgilere sebäp bolýar. ÝB gözbaşy nirden gelýän bolsa bolsun, şuňa meňzeş hüjümleri ýazgarýar" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanýanyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Borrell, ylalaşygyň şertsiz we berk ýagdaýda berjaý edilmelidigini nygtady. 


Etiketkalar: #Azerbaýjan , #Ermenistan , #ÝB

Degişli Habarlar