Ekstremist Terror Guramasy ÝPG/PKK DAIŞ Terrorçylaryny Boşadýar

Terror guramasy ÝPG/PKK Siriýanyň demirgazygyndaky Hol düşelgesinde saklanýan DAIŞ terrorçylary bilen birlikde 290 adamy boşatdy

1511794
Ekstremist Terror Guramasy ÝPG/PKK DAIŞ Terrorçylaryny Boşadýar

“Anadoly” habarlar gullugynyň ýerli çeşmelerden alan maglumatyna görä terror guramasy sebitde ýaşaýan arap taýpalary güwä geçmegi öwezinde Hol düşelgesinden ýene-de 290 adamdan ybarat 70 maşgalany boşatdy.

Boşadylanlaryň arasynda köp sanly DAIŞ terrorçysynyň we maşgala agzalarynyň bardygy habar berilýär.

Gurama geçen hepde bolsa terror guramasy DAIŞ-iň ýaranydygy anyklanan 631 adamy tussaglykdan boşadandygyny habar beripdi.

Terror guramasy ozal hem ençeme DAIŞ terrorçysyny tussaglykdan boşadypdy.

ÝPG/PKK Hol etrapçasynda 2017-nji ýylyň aprelinde açan düşelgesinde Deýrez Zorda terror guramasy DAIŞ-iň agzalary bilen bolan çaknyşyklardan gaçan ilaty we boýun egen käbir DAIŞ terrorçylaryny hem-de maşgala agzalaryny saklaýar.

Düşelgede gurama tarapyndan saklanýan asuda ilat bolsa iňňän agyr şertlerde ýaşaýar.

Gigieniki taýdan iňňän pes bolan duş kabinalary, el ýuwulýan ýerler, ýyrtyk çadyrlar, möheti geçen azyklar, hroniki kesellilere dermen ýetmezçiligi, hassalara bejergi berilmeýänligi düşelgedäki esasy kynçylyklardan kabirleri.

BMG-niň beýan etmegine görä 10 müň adam üçin niýetlenen Hol düşelgesinde şondan 7-8 esse köp adam saklanýar. Olaryň hem esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat.

Hol düşelgesinde 50-ä golaý ýurtdan birnäçe müň daşary ýurtly, köp sanly siriýaly we yrakly terrorçy bar.



Degişli Habarlar