Dünýä Ilatynyň 10 Göterimi Açlyga Sezewar

Dünýäniň ilatynyň 10 göterimini emele getirýän 821,6 million adam dünýäde ýeterlik azykdan mahrum

1510433
Dünýä Ilatynyň 10 Göterimi Açlyga Sezewar

BMG-nin Azyk maksatnamasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramassy bilen Azyk we oba hojalyk guramasynyň habarnamalaryndan alynan maglumatlara görä ýetersiz iýmitlenmek we açlyk, esasanda Afrika ýurtlarynda adam pidalarynyň hem-de hassalyklara çydamsyz bolmagyň iň esasy sebäplreinden.

Dünýäde 462 million adamyň ýeterlik iýmitlenmeýändigine we açlyga sezewardygyna ünsi çekýän Bütindünýä azyk maksatnamasynyň beýan etmegine görä 5 ýaşyna çenli bolan 205 milliondan gowrak çaga bolsa aç ýa-da agramy ýaşyna we boýuna görä iňňän az. 5 ýaşyna ýetmän ölýän çagalaryň 45 göterimi bolsa ýeterlik iýmitlenmeýändigi üçin ýa-da açlykdan ölýär.

Açlykdan ölýänleriň sany boýunça Afrika birinji orunda durýar.

Aziýa materiginde 500 milliona barabar adam açlyga garşy göreşän bolsa, dünýäde boýuna ýa-da ýaşoyna görä agramy pes bolan her 10 çagadan 9-y Aziýada we Afrikada ýaşaýar. Dünýadaki her çişik çağadan 3 sanysy hem ýene şol materiklerde ýaşaýar. Materiklerdäki çişikligin sebäbi kadasyz we pes hili iýmitlenme bilen düşündirilýär.



Degişli Habarlar