BMG, Ermenistanyň Azerbaýjanda Asuda Ilata Guraýan Hüjümlerini Berk Ýazgardy

Farhan Hag, Ermenistanyň Genje şäherine guran raketa hüjümi barada Anadoly Habarlar gullugyna beýannama berdi

1510648
BMG, Ermenistanyň Azerbaýjanda Asuda Ilata Guraýan Hüjümlerini Berk Ýazgardy

 

BMG, Ermenistanyň Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan raketa hüjümlerini ýazgardy.

BMG, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky çaknyşyklarda asuda ilatyň ýogalmagyna alada bildirýär we asuda ilata garşy guralýan hüjümleri berk ýazgardy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçilerinden Farhan Hag, Ermenistanyň Genje şäherine guran raketa hüjümi barada Anadoly Habarlar gullugyna beýannama berdi.

Farhan Hag, Baş sekretar Antoniu Guterreşiň dowam edýän çaknyşyklara uly alada bildirýändigini aýtdy.

Guterreşiň Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanýan we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we taraplara hüjümleriň  doly bes edilmegi üçin anyk ýüzlenme berendigini ýatladan Hag, BMG-nyň talap edilen halatynda ynsanperwer kömegini bermäge taýardygyny belledi.

3 hepdeden bäri dowam edýän çaknyşyklarda asuda ilatyň çekýän ýitgisine ünsi çeken Hag, “İlatly ýerlere guralýan ähli hüjümleri berk ýazgarýarys” diýdi.



Degişli Habarlar