Ysraýylda Ermenistanyň Azerbaýjana Garşy Guraýan Hüjümleri Protest Edildi

Ysraýylda ýaşaýan asly azerbaýjanly bolan ýehudiler, Ermenistanyň hüjümlerine garşy protest ýörişini geçirdi

1510135
Ysraýylda Ermenistanyň Azerbaýjana Garşy Guraýan Hüjümleri Protest Edildi

 

Ysraýylda ýaşaýan asly azerbaýjanly bolan ýehudiler, Ermenistanyň Azarbaýjanda guraýan hüjümlerine garşy protest ýörişini geçirdi.

Petah Tikwa şäherinde bir ýere jemlenşen asly Azerbaýjanly bolan ýehudileriň gatnaşmagynda geçirlen ýörişde, Ermenistanyň hüjümlerinde ýogalan azerbaýjanly esgerler we asuda ilat üçin hormatly dymyşlyk edildi.

Ýörişde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ysraýylyň baýaklary göterildi.

Ýörişde “Garabag Azerbaýjandyr”, “Şehitler ölmez watan bölünmez”, “Azerbaýjanyň baýdagyny Garabagda asarys”, “Ermenistanyň hüjümleri bes edilsin” diýlen ýaly şygarlar aýdyldy.

Ysraýylda ýaşaýan asly azerbaýjanly musulmanlar hem ýörişe goldaw berdi.

Ysraýylda 100 müňe golaý asly azerbaýjanly bolan ýehudiniň ýaşaýandygy nygtalýar

Azerbaýjanda ýaşaýan ýehudileriň sany hem 10 müňe golaý.

 

 

 

 



Degişli Habarlar