Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 222 müň 717, wirusa ýoluganlaryň sany 8 million 216 müň 315 adama ýetdi

1510359
Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 103 müň 111, wirusa ýoluganlaryň sany 39 million 186 müň 835, sagalanlaryň sany 29 million 386 müň 115 adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 222 müň 717, wirusa ýoluganlaryň sany 8 million 216 müň 315 adama ýetdi. ABŞ-da 41 ştatda wirusa ýoluganlaryň sany gün saýyn artýar.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 88 adam artyp 33 müň 125, hasaba alynan kesellileriň sany 30 müň 621 adam artyp 809 müň 684 adama ýetdi.  Saglygy goraýyş pudagynyň işgarleri Prezident Emmanuel Makrondan täze lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we saglygy goraýyş işgärleriniň işe alynmagyny talap etdi.

Germaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 24 adam artyp 9 müň 810, wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň 334 adam artyp 348 müň 816 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli:

Braziliýada 152 müň 513

Meksikada 85 müň 285

Britaniýada 43 müň 293

Italiýada 36 müň 372

Peruda 33 müň 577

Ispaniýada 33 müň 533

Kolumbiýada 28 müň 457

Argentinada 25 müň 342

Çilide 13 müň 434

Ekwadorda 12 müň 306

Belgiýada 10 müň 327

Boliwýada 8 müň 377 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar