ABŞ we Fransiýa Gündogar Ortaýer deňizinde harby türgenleşik geçirýär

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri harby türgenleşik bilen bagly beýanat berdi

1509298
ABŞ we Fransiýa Gündogar Ortaýer deňizinde harby türgenleşik geçirýär

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli "USS Ruzwelt" gämisi bilen Fransiýanyň Harby-deňiz güýçlerine degişli "FS La Faýette" fregady Gündogar Ortaýer deňizinde umumy harby türgenleşik geçirýär. 

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerinden berilen beýanatda, Arleigh Burke synpyndan bolan Ruzwelt gämisi bilen Fransiýanyň Harby-deňiz güýçlerine degişli "FS La Faýette" fregadynyň Gündogar Ortaýer deňizinde umumy operasiýa we manewrirlemek mümkinçiligi bilen birlikde aragatnaşyk, taktiki taýdan umumy karar kabul etmek bilen bagly harby türgenleşikler geçendikleri habar berildi. 

Beýanatda: "ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli gämiler, dowamly häsýetde NATO agza ýurtlar we hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek we sebitiň deňiziniň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin umumy harby türgenleşikler geçirýär" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar