Britaniýada Wirusa Ýoluganlaryň Sany 17 Müň 234 Adam Artyp 634 Müň 920 Adama Ýetdi

Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 90 müň 900 adamdan geçdi

1508568
Britaniýada Wirusa Ýoluganlaryň Sany 17 Müň 234 Adam Artyp 634 Müň 920 Adama Ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 90 müň 900, wirusa ýoluganlaryň sany 38 million 370 müň, sagalanlaryň sany 28 million 853 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 143 adam artyp 43 müň 18, wirusa ýoluganlaryň sany 17 müň 234 adam artyp 634 müň 920 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 108 adam artyp 32 müň 933, hasaba alynan kesellileriň sany 12 müň 993 adam artyp 756 müň 472 adama ýetdi. Paýtagt Parižde 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 27-i bilen mart aýynyň 7-si aralygynda geçirilmegi meýilleşdirlen “Oba hojalyk we maldarçylyk” sergisiniň koronawirus sebäpli geçirilmejekdigi habar berildi.

Germaniýada epidemiýa sebäpli 9 müň 677 adam ýogaldy. Wirusa ýoluganlaryň sany aprel aýyndan bäri ilkinji gezek 5 müň 132 adam artyp 334 müň 585 adama ýetdi.



Degişli Habarlar