Wýetnamdaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Wýetnamda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi

1507448
Wýetnamdaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurdyň Kuang Nam, Kuang Ngai we Kuang Tri welaýatlarynda täsirli bolan ýagyşlar sil apatynyň döremegine sebäp boldy. 

Wýatnamyň Tebigy apatyň öňüni alyş we gözegçilik merkezi dolanşyk komitetinden berilen beýanatda, sil apaty sebäpli ýene-de 15 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sanynyň 20-ä ýetendigi we dereksiz ýiten 14 adamyň gözleg işleriniň bolsa dowam edýändigi habar berildi. 

Ýurdyň Ha Tinh, Kuang Nam, Kuang Binh, Kuang Tri we Thua Thien-Hue welaýatlarynda 50 müň adamyň howpsyz ýerlere göçürilendigi mälim edildi. 

Wýetnamyň Goranmak ministrligi, 9 müň 600 esgeriň we howpsyzlyk güýjüniň sil apatynyň täsirli bolan sebitlerine gönükdirilendigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Wýetnam

Degişli Habarlar