Kamçatka sebitiniň suw giňişligindäki hapalyk deňiziň düýbündäki janlylaryň 95 göterimini ýok etdi

Russiýanyň Kamçatka sebitiniň suw giňişligindäki hapalyk deňiziň düýbündäki janly-jandarlaryň 95 göterimini ýok etdi

1504712
Kamçatka sebitiniň suw giňişligindäki hapalyk deňiziň düýbündäki janlylaryň 95 göterimini ýok etdi

Russiýanyň Kamçatka sebitiniň suw giňişligindäki hapalyk sebäpli deňiziň düýbündäki janly-jandarlaryň ählisini diýen ýaly ýok etdi. 

Moscow Times tarapyndan berilen habara görä, suwyň nusgalaryny ýygnamak, ölen deňiz janlylary bilen bagly derňew geçirmek üçin sebite baran alymlar, Kamçatkanyň gubernatory Wladimir Solodowa ady agzalan suw giňişliginde başdan geçirilýän apat barada maglumat berdiler. 

Suwyň hapalygy sebäpli Awaça aýlagyndaky deňiziň düýbündäki janly-jandarlaryň 95 göterimini ýok edendigini aýdan alymlar, bu janly-jandarlaryň ýok bolmaklarynyň iýmit üçin olara bil baglaýan haýwanlaryň hem ýok bolmaklaryna itergi berip biljekdigi barada duýduryş berdiler. 

Alym Iwan Usatow, suwa çümenlerinde deňiziň 10 bilen 15 metr aralygynda deňiziň düýbünde ýaşaýan organizmalaryň köpçülikleýin häsýetde ölendiklerine şaýat bolandyklaryny habar berdi.

Deňiziň düýbündäki janly-jandarlaryň 95 göteriminiň ölendigine şaýat bolandyklaryny aýdan Usatow: "Käbir uly balyklar, krewetkalar we leňňeçler diridi, emma olaryň sany örän azdy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar