Ukraina, Azerbaýjanyň Territorial Bitewiligine Goldaw Berýär

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy

1500361
Ukraina, Azerbaýjanyň Territorial Bitewiligine Goldaw Berýär

 

Ukraina, Azerbaýjanyn territorial bitewiligine goldaw berýändigini we bu meseledäki tutumynyň üýtgemändigini mälim etdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, metbugata beren beýannamasynda sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Söweşiň hemişe uly ýitgi çekilmegine sebäp bolýandygyny aýdan Kuleba, onsuz hem dartgynly bolan Kawkazdaky ýagdaýyň has-da çuňlaşmagyndan gaça durulmalydygyny belledi.

Ukrainanyň daşary syýasatda ýurtlaryň territorial bitewiligine goldaw berýändigini nygtan Kuleba, “Azerbaýjanyň, Ukrainanyň halkara derejesinde ykrar edilen territorial bitewiligine goldaw berşi ýaly biz hem elmidama Azerbaýjanyň territorial bitewiligine goldaw berdik we bu meseledäki tutumymyz üýtgemedi” diýdi.

 



Degişli Habarlar