Nawalnyý: "Zäherlenmegim bilen bagly hadysanyň arkasynda Putin bar" diýdi

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý, zäherlenmegim bilen bagly hadysanyň arakasynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň bardygyny habar berdi

1500998
Nawalnyý: "Zäherlenmegim bilen bagly hadysanyň arkasynda Putin bar" diýdi

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý, Germaniýanyň Der Spiegel žurnalyna beren beýanatynda: "Çürt kesik aýdýaryn, meniň zäherlenmegim bilen bagly hadysanyň arkasynda Putin bar. Muny öwülmek üçin aýtmaýaryn, muny hakykatlara esaslanyp aýdýaryn. Iň möhüm hakykat bolsa Nowiçok. Ony ulanmak baradaky buýrugy diňe gizlin gulluklaryň başyndakylar berip biler" diýip belledi. 

Zäherlenlimegim üçin buýruk Russiýanyň içerki razwedka gullugy (FSB), Russiýanyň daşary razwedka gullugy (SWR) we Russiýanyň harby razwedka gullugyndan (GRU) berilen bolup biljekdigini aýdan Nawalnyý: "Putin Nowiçoky özüm öndürip we özümi zor bilen zäherländigimi öňe sürýär, bu mümkin däl. Diňe 3 adam Nowiçoky ulanmak barada buýruk berip bilýär. Russiýa hakykatyny bilýärsiňiz, muny hem bilýärsiňiz diýmekdir. FSB-nyň başlygy Aleksandr Bortnikow, SWR-nyň başlygy Sergeý Naryşkin we GRU-nyň başlygy, Putiniň buýrugy bolmadan olar ýaly karar berip bilmezler, sebäbi olar oňa baglydyrlar" diýip mälim etdi. 

Aýaly we ogly bilen birlikde Berlinde jaý kreýine tutandyklaryny we ol ýerde bejergisi tamam bolýança çenli galjakdygyny aýdan Nawalnyý, iň gysga wagtda ýaňadandan Russiýa gaýdyp barjakdygyny, ýurduna gaýdyp barmazlyk ýaly ýagdaýyň bolmandygyny habar berdi. 

Nawalnyý, Germaniýada hiç hili tanyşynyň bolmandygyny belläp, özi bilen gyzyklanan Federal Kansler Angela Merkele we bejergisini eden Şarite hassahanasynyňlukmanlaryna minnetdarlyk bildirýändigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar