Papa Frankis Pompeonyň Duşuşyk Talabyny Kabul Etmedi

Pompeonyň Watikanyň Daşary işler ministri bilen duşuşjakdygy habar berildi

1499670
Papa Frankis Pompeonyň Duşuşyk Talabyny Kabul Etmedi

Katolik dünýäsiniň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Frankis ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeonyň Watikana saparynyň dowamynda duşuşyk talabyny kabul etmedi.

Katolik dünýäsiniň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Frankis ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeonyň Watikana saparynyň dowamynda duşuşyk talabyny kabul etmedi.

Watikan bilen Hytaýyň arasynda ylalaşylan iki ýyllyk şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagyna reaksiýa görkezmek üçin Watikana sapar gurajak Pompeonyň duşuşyk talabyna Papa oňyn jogap bermedi.

“İndependent” gazetiniň habaryna görä Papa golaýdaky Amerikan saýlawy we Trampyň Watikan bilen Hytaýyň arasyndaky ylalaşyga görkezen reaksiýasy sebäpli duşuşmagy kabul etmedi.

Pompeonyň Watikanyň Daşary işler ministri Kardinal Pietro Parolin we Baş ýepiskop Paul Gallager bilen duşuşjakdygy beýan edildi.



Degişli Habarlar