BMG, Azerbaýjana We Ermenistana Çaknyşyklaryň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

BMG, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklarda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy

1498372
BMG, Azerbaýjana We Ermenistana Çaknyşyklaryň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

 

BMG, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklarda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy we çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş Sekretary Antoniu Guterreş, metbugat geňeşçisi Dužarriç arkaly beren beýannamasynda, Daglyk Garabag front liniýasynda, iki ýurduň arasyndaky çaknyşyklaryň ýaňadandan başlamagyna alada bildirýändigini nygtady.

Çaknyşyklarda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgaran Guterreş, taraplara  çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi, dartgynlygyň gowşamagy we gepleşikleriň başlamagy üçin çagyryş berdi.

Beýannamada Guterreşiň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly gepleşik geçirendigi bellenildi.



Degişli Habarlar