Eýran Azerbaýjana we Ermenistana çagyryş berdi

Eýran Azerbaýjana we Ermenistana çaknyşyklary bes etmekleri we gepleşikler geçirmäge başlamaklary barada çagyryş berdi

1498164
Eýran Azerbaýjana we Ermenistana çagyryş berdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Said Hatibzade, Daglyk Karabag sebitinde başdan geçirilýän çaknyşyklar barada beren ýazmaça beýanatynda: "Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky harby çaknyşyklara ýakyndan we alada bilen gözegçilik edýäris" diýip habar berdi. 

Eýran hökmünde Azerbaýjana we Ermenistana sagdyn pikirlilige çagyrýandyklaryny aýdan Hatibzade: "Eýran çaknyşyklaryň iň gysga wagtda bes edilmegini we iki ýurdyň arasynda gepleşikleriň başladylmagyny talap edýär. Eýran, parahatçylygyň ýola goýulmagy we taraplaryň arasynda dialogyň başladylmagy üçin ähli mümkinçiliklerini ulanmaga taýardyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar