Ermenistanda söweşjeň ýagdaý yglan edildi

Ermenistanyň hökümeti, Daglyk Karabagdaky hadysalar sebäpli ýurtda söweşjeň ýagdaý we umumy mobilizasiýa yglan edildi

1498129
Ermenistanda söweşjeň ýagdaý yglan edildi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, sosial medianyň üsti bilen Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklaryň üstünde durup geçdi. 

Azerbaýjanyň Daglyk Karabag ugrunda hüjüme geçendigini öňe süren Paşinýan: "Ýagdaý häzirki wagtda çalt depginler bilen dowam edýär. Gerek bolan ýagdaýynda maglumat beriler" diýip mälim etdi. 

Nikol Paşinýan, Ermenistanyň hökümetiniň Daglyk Karabagdaky ýagdaý sebäpli ýurtda söweşjeň ýagdaýyň we umumy mobilizasiýanyň yglan edilendigini habar berdi. 

Mundan başgada Nikol Paşinýanyň soňky hadyslar bilen baglanşykly Howpsuzlyk Geňeşini geçirjekdigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Ermenistanyň Daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, telefon söhbetdeşliginde Daglyk Karabag sebitinde başdan geçirilen soňky hadysalary ara alynyp maslahatlaşylandygy bellenip: "Sergeý Lawrow front liniýasyda dowam edýän giň göwrümli çaknyşyklara we çaknyşyklarda bolan adam ýitgilerine we ýaralanmalara alada bildirýändigini habar berdi. Ylalaşygyň iň tiz wagtda ýola goýulmagynyň gerekdigi bellenip geçildi" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar