Dünýä derejesinde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 998 müň 747 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 24 million 411 müň adama ýetdi

1497916
Dünýä derejesinde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 998 müň 747 adama ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 998 müň 747 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 33 million 58 müň adama, saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 24 million 411 müň adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 209 müň 177 adamyň ýogalan ABŞ-da Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 7 million 287 müň 593 adama ýetdi. 

Epdemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 34 adam artyp, 41 müň 971 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 42 adamlyk artyş bilen 429 müň 277 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 17 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 35 müň 818-e ýetdi. Ülkede wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 869 adamlyk artyş bilen 308 müň 104 adama ýetdi. 

Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 39 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli jemi ýogalanlaryň sany 31 müň 700 adama ýetdi. Fransiýada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 14 müň 412 adamlyk artyş bilen 527 müň 446 adama ýetdi. 

Adam ýitgisi 872-ä, wirusa ýoluganlaryň sany 27 müň 33 adama ýeten Awstraliýada, Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisini çeken we wirusa ýoluganlaryň sany boýunça beýleki ştatlardan köp bolan ýurdyň Wiktoriýa ştatynda öňüni alyş çäreleriň gerimi gowşadyldy. 



Degişli Habarlar