Putin Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürlendi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 2021-nji ýyl Nobel Parahatçlyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürlendi

1496771
Putin Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürlendi

Russiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Putin 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna, rus ýazyjy Sergeý Komkow tarapyndan dalaşgär hökmünde görkezildi. 

Nobel komitedine dalaşgärlik hatynyň 9-njy sentýabrda hödürlenendigi we şondan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem dalaşgär hökmünde hödürlenendigi mälim edildi. 

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow: "Dalaşgärleriň gözden geçirilmegi bilen bagly prosedura bar. Sylag berilse gowy, berilmese mesele däl. Bu ýerde başda bir zat aýtmak kyn" diýip belledi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna hödürlenendigi 9-njy sentýabrda aýan edilipdi. 

Mundan başgada rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň hem Nobel Parahatçylyk sylagyna hödürlenendigi bilinýär. 



Degişli Habarlar