“Siriýa Meselesinde Russiýa we Türkiýe Bilen Utgaşykly Işleşýäris”

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif resmi sapar bilen Moskwa bardy

1496598
“Siriýa Meselesinde Russiýa we Türkiýe Bilen Utgaşykly Işleşýäris”

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Siriýa meselsiniň özboluşly tejribe talap edýändigini we Russiýa hem-de Türkiýe bilen şoňa laýyklykda işleşýändiklerini aýtdy.

Resmi sapar bilen düýn agşam Russiýanyň paýtagty Moskwa giden Eýranyň Daşary işler ministri Zarif, ol ýerde Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini wekillerine beýannama berdi.

Russiýa bilen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny we ony ösdürmegiň ýollaryny gözlejekdiklerini beýan eden Zarif: “Sebitimizde uly meseleler bar. Siriýa meselesi özboluşly tejribe talap edýär. Russiýa we Türkiýe bilen Astana gepleşikleriniň çäginde Siriýada utgaşykly işleşýäris” diýdi.

Zarif gepleşiklerde Owganystanda Taliban bilen hökümetiň wekillerinin arasyndaky gepleşikler hakynda pikir alyşjakdyklaryny aýtdy.

Fransuzlaryň rus tarapy bilen Liwan meselesinde-de pikir alyşmagyny isländikleri bilen bagly habarlara reaksiýa bildiren Zarif: “Russiýa bilen Liwan hakda pikir alyşyp bileris, emma ol esasy mesele däl. Fransuzlar bilen Liwan meselesinde gepleşik geçirýändirin öýdemok” diýdi.

 



Degişli Habarlar