Tramp: "Boltony diňlän bolsadym häzirki wagtda 5-nji Jahan urşunyň içinde bolardyk" diýdi

Tramp, ABŞ-nyň ozalky Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jon Bolton barada: "Men bu akmagy diňlän bolsadym häzirki wagtda 5-nji Jahan urşunyň içinde bolardyk" diýip nygtady

1495008
Tramp: "Boltony diňlän bolsadym häzirki wagtda 5-nji Jahan urşunyň içinde bolardyk" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 3-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawlary taýdan tankydy ýer bolan ýurdyň Ogaýo ştatynyň Deýton şäherinde saýlawçylara ýüzlenip çykyş etdi. 

Ak Tamyň ozalky Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jon Boltony berk ýagdaýda tankyt eden Tramp: "Men bu akmagy diňlän bolsadym häzirki wagtda 5-nji Jahan urşunyň içinde bolardyk" diýip habar berdi. 

Tramp 3-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawynyň ýurdyň taryhy taýdan möhümdigini belläp, Demokrat partiýadan dalaşgär bolan Jo Baýden barada bolsa: "Baýden saýlawda üstün çyksa, taryhyň iň erbet dalaşgärine ýeňildigim bolar" diýip beýan etdi. 

Baýdeni tankyt eden Tramp: "Baýden üýtgewsiz bir globalist. Bilişiňiz ýaly globalistler, hatardan çykdy. Olar bu ýurdy weýran etdiler" diýip mälim etdi. 

Hökümetiň başynda bolan mahaly ýurdunyň harby göwrümini hem artdyrandyklaryny aýdan Tramp: "Häzirki wagtda F-35 uçarlarymyz bar. Siz olary görüp bilmersiňiz. Olar gizlin" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar