Liwiýanyň Ýokary Döwlet Geňeşi Haftar Bilen Nebit Önümçiliginiň Başlamagyna Garşy

Halid Al Mişri, Haftar bilen ýurtda nebit önümçiliginiň we eksportynyň ýaňadandan başlamagy baradaky ylalaşyga garşydyklaryny aýtdy

1494280
Liwiýanyň Ýokary Döwlet Geňeşi Haftar Bilen Nebit Önümçiliginiň Başlamagyna Garşy

 

Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişri, ýurduň gündogarynda bikanun ýagdaýda iş alyp barýan ýaragly güýçleriň lideri Halif Haftar bilen ýurtda nebit önümçiliginiň we eksportynyň ýaňadandan başlamagy baradaky ylalaşyga garşydyklaryny aýtdy.

Mişri, Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz As Serraja ýazan halatynda, Wise-premýer Ahmed Muaýtik bilen Haftaryň arasynda gazanylan ylalaşygyň “Süheýrat şertnamasyna we ähli kanunlara bap gelmeýändigi” sebäpli ylalaşyk hakynda derňew işiniň gozgalmagy üçin çagyryş berdi.

Ykdysadyýeti dolulygyna diýen ýaly nebite esaslanýan Liwiýada, tebigy baýlyklaryň 80 göterimi  ýurduň gündogarynda Haftaryň gözegçiligindäki ýerlerde ýerleşýär.

Haftar, BMG derejesinde ykrar edilen Liwiýanyň hökümetine garşy nebiti kozer hökmünde ulanyp, hökümetiň girdeji çeşmesini kesmek üçin gözegçiligi astyndaky nebit känlerini we giňişliklerini ýanwar aýynyň ortasynda ýapdy.

Haftar, 8 aýdan bäri ýapyk bolan nebit önümçilik desgalaryny ýaňadandan açandygyny, nebitden alynýan girdejiniň deň derejede paýlaşylmagy şerti bilen nebit önümçiliginiň we eksportynyň başlandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar