"Türkiýe Ýewropanyň Howpsyzlygy üçin Esasy Ýurt"

Albaniýanyň Premýer ministri, Türkiýäniň, Ýewropanyň howpsyzlygynda esasy rol oýnaýan ýurtdygyny belledi

1492103
"Türkiýe Ýewropanyň Howpsyzlygy üçin Esasy Ýurt"

 

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, Türkiýäniň, Ýewropanyň howpsyzlygynda esasy rol oýnaýan ýurtdygyny belledi.

Edi Rama, Gresiýanyň paýtagty Afinide grek hökümeti bilen hyzmatdaşlykda “Ze Ekonomist” žurnaly tarapyndan geçirlen konferensiýada çykyş etdi.

Rama, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Günbatar Balkanlaryň geljegi, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş, Albaniýa-Türkiýe gatnaşyklary hakynda garaýyş beýan etdi.

Ýurdunyň Gresiýa we Türkiýe bilen strategik hyzmatdaşdygyny nygtan Rama “Emma Albaniýa özüni iki oduň ortasynda ýaly duýmaýar” diýdi.

Türk-Grek gatnaşyklary we şol gatnaşyklaryň Ýewropadaky roly hakynda durup geçen Rama “Türk-Grek gatnaşyklarynda Ýewropa üçin has peýdaly uly mümkinçiligiň bardygyna ynanýaryn. Sebäbi Türkiýe, Ýewropanyň howpsyzlygynda esasy rol oýnaýan ýurt. Gresiýa Ýewropanyň serhetleri üçin esasy ýurt. Prezident Erdogan Gresiýa garşy syýasatçy däl we hemişe çözgüde goldaw berýändigini görkezdi. Kynçylyklar gepleşik arkaly çözülip biner. Elbetde aňsat däl emma türk-grek gatnaşyklarynyň tutuş Ýewropa üçin has möhümdiginine doly ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar