Lawrow Faýsal Bin Farhan Bilen Ýemen Meselesinde Pikir Alyşdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan bilen Ýemen meselesinde pikir alyşdy

1491819
Lawrow Faýsal Bin Farhan Bilen Ýemen Meselesinde Pikir Alyşdy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannama görä Lawron Bin Farhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ýemendäki jemgyýetçilik ykdysady, harby we syýasy şertler hakynda pikir alyşylan telefon söhbetdeşliginde ýurtda çaknyşýan taraplaryň arasynda hüjümleriň bes edilmegi, ynsanperwer kömek meselesinde gyssagly çäre görülmegi we çaknyşykdan soň giň gerimli çözgüt tapgyrynyň başladylmagy boýunça BMG-nin başlangyçlarynyň goldanmagynyn möhümdigi nygtaldy.

Lawrow telefon söhbetdeşliginde Ýemende garaşylýan parahatçylygyň we durnuklylygyň ähli syýasy güýçleriň, dini toparlaryň we sebitde ýerleşýän ýurtlaryň bähbitleri bilen aladalarynyň göz öňünde tutulmagy hem-de daşarky güýçleriň tagallalarynyň birleşdirmegi arkaly ýola goýulyp bilinjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar