Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky Gözegçilik nokatlaryna hüjüm guran toparlar dargadyldy

Görülen çäreleriň netijesinde toparlar gözegçilik nokatlarynyň golaýyndan dargadyldy, gözegçilik nokatlaryna hiç hili zyýan ýetmedi

1491856
Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky Gözegçilik nokatlaryna hüjüm guran toparlar dargadyldy

Siriýanyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky Türkiýä degişli Gözegçilik nokatlaryna hüjüm guran ýönekeý raýatlar ýaly geýinen adamlar ol ýerden dargadyldy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Başar Asadyň tarapdary bolan ýönekeý raýatlar ýaly geýinen toparlar, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky 3,4,5,6,7,8 we 9 belgeli gözegçilik nokatlaryna golaýlaşdylar. 

Topardakylar 7 belgeli gözegçilik nokadyna hüjüm guradylar. Görülen çäreleriň netijesinde toparlar gözegçilik nokatlarynyň golaýyndan dargadyldy, gözegçilik nokatlaryna hiç hili zyýan ýetmedi. 



Degişli Habarlar