Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 30 million adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 21 million 448 müň 235 adama ýetdi

1491696
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 30 million adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 939 müň 365 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 30 million adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 21 million 448 müň 235 adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 315 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň 82 müň 91 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 90 müň 123 adamlyk artyş bilen 5 million 20 müň 359 adama ýetdi. 

Russiýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 132 adam artyp, 18 müň 917 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 müň 670 adam artyp, 1 million 79 müň 519 adama ýetdi. 

Ysraýylda Kovid-19 sebäpli ýene-de 6 adam ýogaldy. Ýurtda şeýlelik bilen koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 147 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 müň 523 adamlyk artyş bilen 166 müň 794 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 6 müň 393 adamyň ýogalan Pakistanda Türkiýäniň Magaryf gaznasyna degişli Pak-Türk Magaryf Halkara mekdepleriň ýurdyň 10 tapawutly şäherindäki 27 aýry kompleksdäki mekdeplerde, Kovid-19 epidemiýasy ünsden düşürilmän ýüzbe-ýüz okatmaklyk usuly ýaňadandan başlady. 

Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli  iň köp adam ýitgisini çeken ýurt bolan Günorta Afrika Respublikasynda ýene-de 142 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 15 müň 641 adama ýetdi. Ýurtda soňky 24 sagatda ýene-de 772 adamyň Kovid-19-a ýolukmagy bilen, jemi ýoluganlaryň sany 651 müň 521 adama ýetdi.  

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 4 müň 338 adamyň ýogalan Saud Arabystanynda, koronawirusa garşy görlen çäreleriň çäginde ýapylan umra zyýaratlary tapgyrlaýyn häsýetde açylmaga başlanar. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli şu ýylky haç parzalarynyň ýerine ýetirilişi diňe Saud Arabystanynda ýaşaýanlar bilen çäklendirilipdi, daşary ýurtlardan adamlar kabul edilmändi. 

Yrakda koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 80 adam ýogaldy. Ýurtda soňky ýogalan adamlar bilen birlikde jemi ýogalanlaryň sany 8 müň 166 adama ýetdi. Yrakda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 244 adamlyk artyş bilen, 298 müň 702 adama ýetdi. 

Indoneziýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 124 adamlyk artyş bilen 8 müň 965 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 müň 507 adamlyk artyş bilen 225 müň 30 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli 128 adamyň ýogalan Malaýziýada soňky 24 sagatda adam ýitgisi çekilmedi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 23 adamlyk artyş bilen 9 müň 969 adama ýetdi. 

Ýaponiýada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 13 adamlyk artyş bilen 1 müň 481 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 531 adamlyk artyş bilen 77 müň 283 adama ýetdi. 

Omanda Kovid-19 sebäpli ýene-de 7 adam ýogaldy we 438 adam hasaba alyndy. Şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 797 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 90 müň 660 adama ýetdi. 

Kuweýtde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 5 adam ýogaldy we ýene-de 829 adamda wirusyň bardygy anyklandy. Ýurtda şeýlelik bilen Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 568 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 96 müň 301 adama ýetendigi habar berildi. 

Ýene-de 1 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalan Katarda, adam ýitgisi 208-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 239 adamyň artmagy bilen 122 müň 214 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Gazagystanda 1 müň 671 adama, Moldowada 1 müň 144 adama, Belarussiýada 761 adama, Azerbaýjanda 566 adama, Özbegistanda 402 adama we Täjigistanda 73 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar