“Türkiýe Bilen Tersleşmek Meseleleri Çözmez”

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlyk syýasatyndan jogapkär Ýolbaşçysy Žozef Borrel meseleleriň gepleşikler arkaly çözüljekdigini mälim etdi

1491034
“Türkiýe Bilen Tersleşmek Meseleleri Çözmez”

 ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlyk syýasatyndan jogapkär Ýolbaşçysy Žozef Borrel Türkiýe bilen tersleşmegiň ÝB bilen türkiýäniň arasyndaky düşnüşmezliklere çözgüt getirmejekdigini, meseleleriň gepleşikler we dialog arkaly çözüljekdigini aýtdy.

Borrel Ýewropa Parlamentinin Gündogar Ortaýer Deňizi we Türkiýäniň degişli bolan daşary gatnaşyklar ugurlar boýunça geçirilen maslahatynda halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlygyň çözülmegi üçin tomus aýlarynda tagalla edilendigini aýdan Borrel, tagallalaryň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy.

Borrel “Oruç Reis” gämisinin Antalýa portuna dolanmagyny “ýerlikli başlangyç” hökmünde häsýetlendirip; “Ol hem bizde dialog üçinn has ýokary tagalla edilmegi babatynda umyt döredýär. Ony harby usullar bilen däl, dialog we gepleşikler arkaly çözeris” diýdi.

Žosef Borrel: “Türkiýe tersleşmegiň meseleleri çözmejekdigini mälim. Biz ony islämizok. Türkiýe ÝB-niň esasy goňşularyndan biri. Sebitimizi üýtgetmäge mümkinçiligiň ýokdugy üçin goňşulyk dowam eder. Türkiýe şol bir wagtda bosgunlar ýaly eneçe meselelerde möhüm hyzmatdaş. Mysal üçin göç tolkunlaryny Türkiýesiz çözmegiň kyndygyny bilýäris. Türkiýe şol bir wagtda-da ÝB-ne agzalyga dalaşgär ýurt” diýdi.



Degişli Habarlar