Gresiýa gepleşikleriň geçirilmegi üçin ýene-de bir şert öňe sürdi

Gresiýa gepleşikleriň şertli ýagdaýda geçirip bilinjekdigi barada habar berdi

1491126
Gresiýa gepleşikleriň geçirilmegi üçin ýene-de bir şert öňe sürdi

Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlyklary artdyrjak öjükdiriji hereketlere ýüz tutýan Gresiýa ýene-de bir gezek şertli ýagdaýda gepleşikleriň geçirilip bilinjekdigini beýan etdi. 

Gresiýanyň Premýer ministri Krýakos Miçotakis, ýurdyň paýtagty Afiny şäherinde ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Türkiýäniň şertsiz ýagdaýda dialogyň geçirilmegi bilen bagly çagyryşyna, Gresiýanyň Premýer ministri ýene-de bir şert öňe sürüp: "Türkiýe dartgynlygy azaltmak ugrunda ädim etse, deslapky gepleşiklere taýardyrys" diýip belledi.  

Iki ýurdyň arasynda deňiz ygtyýar giňişligi bilen baglanşykly deslapky gepleşikler ilkinji gezek 2002-nji ýylda başlapdy. 

Soňky gepleşikler bolsa 2016-njy ýylda Afinyda geçirilipdi. 

Mundan soňky gepleşikler Ankara-Afiny arasyndaky gepleşikler, syýasy geňeşmeler formatynda dowam etdi, emma deslapky gepleşiklere geçilmedi. 



Degişli Habarlar