Afrinde Terrorçylykly Hüjüm Guraldy

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 9 adam ýogaldy, 43 adam ýaralandy

1490630
Afrinde Terrorçylykly Hüjüm Guraldy

 

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Afrin etrabynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde 9 adam ýogaldy.

Türk ýaragly güýçleriniň guran “Zeýtun Şahasy” operasiýasy netijesinde terrordan saplanan Afrin etrabynda ýük ulagyna goýlan bomba ýaryldy.

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 9 adam ýogaldy, 43 adam ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri, terrordan saplanan etraplarda bombaly hüjümleriň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralýandygyny emma guramanyň asuda ilata zeper ýetirýändigi üçin hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne almakdan gaça durýandygyny mälim etdi.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda gazanylan ylalaşyga garamazdanTel Rifat etrabyndan ýygy-ýygydan Bab, Azez, Jarablus we Afrin etraplaryna hüjüm guraýar.

 



Degişli Habarlar